Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlary Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkymyzy parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we ruhy bitewüligiň aýdyň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagynda bu nurana baýramyň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkyň watansöýüjilik duýgusyny we zähmet joşgunyny has-da belende göterjekdigine ynam bildirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Ynsanperwerlik, dostluk we agzybirdik ýörelgelerini özünde jemleýän bu mukaddes baýram jemgyýetimizde özara hormat-sylagy has-da pugtalandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýy toýlanýan ýylda bu baýram milli adatlara laýyklykda üç günüň dowamynda giňden we dabaraly bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-jemgyýetçilik çäreleri guralyp, her bir maşgalada bereketli saçaklar ýazylyp, gurbanlyk sadakalary berilýär hem-de il-ýurduň asudalygy üçin ýagşy doga- dilegler edilýär.
Şu nurana günlerde türkmenistanlylaryň uly toparynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde haj parzyny berjaý etmekleri hem döwletimiziň ýokary ynsanperwer we ruhy gymmatlyklara goýýan belent sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, döwrebap binalaryň we iri kärhanalaryň gurluşygy halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan halkara giňişlikde hem parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda mähriban halkyna berk jan saglyk, asuda durmuş we uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutany mübärek Gurban baýramy günlerinde beriljek gurbanlyk sadakalarynyň, halkyň agzybirligi, döwletiň berkararlygy we rowaçlygy üçin ediljek doga- dilegleriň hem-de ýagşy umyt-arzuwlaryň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.


Yza

Şeýle hem okaň