Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Ak bugdaý
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 14-nji martynda
Ak bugdaý etrabynyň Watan köçesiniň
1-nji jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a
çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Ak bugdaý etrabynyň Watan
köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän
Ak bugdaý etrap
häkimliginiň edara binasynyň kiçi mejlisler zalynda
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+99313736714