Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji
ýylyň 17-nji aprelinde Baýramaly etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat
10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň
Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy;
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
800564-6-26-76
800564-6-04-03
Okamak