Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat
şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2024-nji
ýylyň 26-njy aprelinde Balkanabat
şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Sport we ýaşlar
syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Balkanabat şäheriniň
Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Sport we ýaşlar syýasaty
Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumy.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993222 28836
+993222 28445
Okamak