Daşoguz şäheriniň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Daşoguz
şäheriniň 10 ýyllygy köçesiniň 1-nji “A” jaýynda ýerleşýän Daşoguz şäheriniň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Daşoguz şäheriniň 10 ýyllygy köçesiniň 1-nji “A” jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
(800322) 9-39-52
Okamak