Köneürgenç etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde
Köneürgenç etrabynyň Lebap köçesiniň 32-nji jaýynda ýerleşýän Köneürgenç
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy:
Köneürgenç etrabynyň
Lebap köçesiniň 32-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
(800347) 3-70-95
Okamak