Aşgabat şäheriniň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Berkararlyk etrabynyň, Bagtyýarlyk etrabynyň,
Büzmeýin etrabynyň hem-de Köpetdag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümleri 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň
81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň edara binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy:
Aşgabat şäheriniň
S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň edara binasy).
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi
müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tel: 92-14-56
Bagtyýarlyk etraby tel:
37-46-68
Berkararlyk etraby tel:
37-46-67
Büzmeýin
etraby tel:
33-12-69
Köpetdag etraby tel:
92-71-70
Okamak