Daşoguz welaýatynyň Şabat
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda
Şabat şäheriniň Daşoguz köçesiniň 8-nji jaýynda ýerleşýän Şabat etrabynyň
Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary
baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny
üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy:
Şabat şäheriniň Daşoguz
köçesiniň 8-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800348) 3-00-98
Okamak