Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji
ýylyň 10-njy maýynda Murgap etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan
12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Murgap etrabynyň Gökdepe
geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800565-4-51-94
800565-4-51-96