Ahal welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Gökdepe etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Gökdepe şäheriniň
Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýynda ýerleşýän bölümiň
edara binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Gökdepe şäheriniň Magtymguly
şaýolunyň 75-nji jaýynda ýerleşýän bölümiň edara binasy.
Habarlaşmak üçin:
+9931326-00-34
+9931326-00-48