Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Marynyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Mary şäheriniň Mollanepes 51-nji jaýy
Habarlaşmak
üçin:
800522-6-36-98
800522-6-71-31