Ýolöten etrabynyň
zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Ýolöten
etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 9:00-dan 11:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň
hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary
bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Ýolöten
şäheriniň Nebitçi köçesiniň 5-nji jaýy
Habarlaşmak
üçin:
800560-6-28-01