Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Mary çeper halyçylyk
kärhanasynyň Baýramaly önümhanasynda sagat 09:00-dan 12:00-ä çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini
habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki
boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Baýramaly şäheriniň Ýüpek ýoly köçesi
Habarlaşmak
üçin:
800564-6-93-46
800564-6-93-45
Okamak