Türkmenistan GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşine başlyklyk etmegi kabul etdi

Şu gün Aşgabatda GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan geňeşe başlyklyk etmegi resmi taýdan kabul etdi.  

Türkmenistandaky kärdeşlerine geňeşiň başlyklygyny tabşyryp, Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Alekseý Wowçenko degişli geňeşe Russiýanyň başlyklyk eden döwründe, ýagny 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň oktýabry aralygynda möhüm üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Ol esasy başlangyçlaryň arasynda birnäçe möhüm maksatnamalaryň we döwletara ylalaşyklaryň taýýarlanylandygyny nygtady.  

Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary geňeşiň agzalaryna işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi we GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndaky strategik wezipeleri durmuşa geçirmekde toparlaýyn işleriň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ol Türkmenistanyň bu işi ýokary derejede dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.  

GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň zähmet we durmuş ugurlaryndaky tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Onuň mejlislerinde iş bazary, durmuş we iş üpjünçiligi, işgärleriň hukuklarynyň goralmagy, zähmet çekmegiň şertleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Geňeşiň netijeli çözgütleri GDA ýurtlarynyň döwlet syýasatynyň ösmegine uly täsir edýär, bu bolsa Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda möhüm tapgyr bolup durýar.

Mowzuk boýunça goşmaça okaň: 

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady 


Yza

Şeýle hem okaň