Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garagum etrap
Medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy: Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçesiniň Garagum köçesiniň 15-nji jaýy;
Habarlaşmak
üçin:
800557-4-02-36