Sakarçäge etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji
ýylyň 13-nji noýabrynda Sakarçäge etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat
10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge-Birleşik
garaýolunyň 6-njy jaýy;
Habarlaşmak üçin:
800566-5-34-30