Lebap welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Dänew etrabynyň Medeniýet
bölüminde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Dänew
etrabynyň S.A Niýazow
köçesiniň 45-nji jaýy
Habarlaşmak üçin.
+99344631949