Ýolöten etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Ýolöten etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Ýolöten şäheriniň Nebitçi
köçesiniň 5-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
800560-6-28-01