2024-nji ýylda 2 müňden gowrak Türkmenistanly Malaýziýa syýahat etdi. Geçen ýyl iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda gol çekişilen syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama degişli ugurdaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy. Ol 11 maddadan ybarat bolup, 5 ýyla niýetlenilendir. Onuň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrligi gözegçilik edýär.
Şeýle-de iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýlandygy, Türkmenistanyň raýatlaryna 90 güne çenli Malaýziýada wizasyz bolmaga rugsat berilýändigi bu ýurda barýan türkmen jahankeşdeleriniň dowamly artmagyna şert döredýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary bilen Malaýziýanyň degişli ugurda iş alyp barýan kärhanalarynyň arasynda degişli şertnamalaryň 15-e golaýy baglaşyldy. Malaýziýa syýahat etmek isleýän türkmenistanlylar hereket edýän 100-den gowrak türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň üsti bilen öz syýahatyny amala aşyryp bilýärler. Syýahatlar toparlaýyn, ýekelikde we maşgala görnüşinde guralýar.
Çeşme: Türkmenmetbugat