Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk dabarasyna taýýarlyk görmek meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bäsleşige ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan zehinli ýaşlaryň köp sanlysy hödürlendi. Olaryň arasyndan ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, medeniýet, ykdysadyýet, senagat hem-de oba hojalygy ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanan, şeýle-de döwlet Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, amala aşyrýan düýpli özgertmelerini wagyz etmekde döredijilik başarnygy we işjeňligi bilen tapawutlanan ýaşlar bu abraýly baýraga mynasyp görüldi.
Meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny 16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraljak Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.