Türkmenistanda ykdysadyýetde iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagy zähmet bazarynda we iş üpjünçilik ulgamynda geljegi uly bolan syýasat hasaplanylýar.
Täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de bu ugurda ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan höweslendirmek zähmet bazary we iş üpjünçilik çygrynda düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda gazanylýan oňyn netijeler ýurduň ykdysady binýadynyň berkliginden habar berýär. 2022-nji ýylda Türkmenistanda 6 müňden gowrak täze iş orny döredilen bolsa, 2023-nji ýylda olaryň sany 11 müň 373-e ýetdi.
Munuň özi iş üpjünçilik çygrynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň işjeň we oňyn häsiýete eýedigini görkezýär.
Çeşme: Türkmenmetbugat