«Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ilkinji nobatda, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Milli Liderimiziň Monako saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. “Buig” kompaniýasy Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini, bu şanly sene mynasybetli möhüm çäreleriň geçiriljekdigini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň makullamagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýar. Halk Maslahatynyň Başlygy öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugrudygyny, şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiz Türkmenistanyň sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de “Buig” kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “Buig” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdigine, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi



Yza

Şeýle hem okaň