Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 31-nji ýanwarynda Ýolöten etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat
09:00-dan 11:00-a çenli aralykda
boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Ýolöten
şäheriniň Nebitçi köçesiniň 5-nji jaýy
Habarlaşmak
üçin:
800560-6-28-01