Sakarçäge etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 12-nji fewralynda Sakarçäge etrabynyň Medeniýet öýünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Sakarçäge
şäheriniň Sakarçäge-Birleşik gara ýolunyň ugrundaky 6-njy jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
800566 5-34-30
Okamak