Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 14-nji
fewralynda Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki
boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Mary
şäheriniň Mollanepes köçesiniň
51-nji jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
800522 6-36-98
800522 6-71-31