Türkmenistanda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ähli şäher ýaşaýjylaryna howpsuz we ýokary hilli ýaşaýyş jaýyna elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Howpsuz we gymmat bolmadyk ýaşaýyş jaýyna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we ekologiýa taýdan durnukly ulaglardan hem-de howpsuz, hemmeler üçin açyk ýaşyl zolaklardan peýdalanmak, şeýle hem şäherlerde ýaşamak hem-de işlemek üçin amatly we oňaýly gurşawy döretmek ýaly birnäçe wezipeleri çözmek maksat edinilýär.

Şäher düzümine aýratyn üns berlip, ol ýaşaýyş maksatly desgalaryň toplumlaryny, şeýle hem çagalar baglaryň, mekdepleriň hem-de beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň, saglygy goraýyş gulluklarynyň, medeniýet, söwda we hyzmatlar, sport ulgamyna degişli desgalaryň, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki ulgamlaryň gurlup ulanylmaga berilmegini özünde jemleýär.

Geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine garalan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny tutdular.

Geçen ýyl ýurduň taryhynda Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda şu ýyl meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Öňaldy we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde döwrebap obalary, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze döwrebap şäherçäni ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Welaýatlarda hem-de paýtagtda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin birnäçe täze gurluşyklaryň bina edilmegine badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň we binalaryň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirildi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň