Lebap welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenabat
şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenabat şäheriniň
Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe
ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Türkmenabat
şäheriniň Magtymguly
köçesiniň
2-nji jaýy
Habarlaşmak
üçin:
+99342231728
Okamak