Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 3-nji martynda Garagum etrabynyň Medeniýet
öýünde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Garagum
etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň Garagum köçesiniň 15-nji jaýy
Habarlaşmak üçin:
800557 4-02-36