Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Wekilbazar etrabynyň
Medeniýet öýünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki
boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Wekilbazar etrabynyň Mollanepes
adyndaky şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 1-nji jaýy
Habarlaşmak
üçin:
800558-6-11-94;
800558-6-11-95
Okamak