“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata ýokary taýýarlyk görülýär

Mart aýynyň 7-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi



Yza

Şeýle hem okaň