Ahal welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bäherden etrabynyň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Bäherden etrabynyň Bäherden
şäheriniň Aşgabat-Türkmenbaşy garaýolunyň 100-nji kilometrliginde ýerleşýän Medeniýet
bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Aşgabat-Türkmenbaşy garaýolunyň
100-nji kilometrliginde ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasy.
Habarlaşmak üçin:
+993131 23-0-52