Türkmenistan Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygyny guraýar

Türkmen wekiliýeti bilim we daşary işler ministrlikleriniň düzüminde, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen birlikde, Türkmenistan döwletiniň başlangyjy esasynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ikinji Ýaşlar forumynda çykyş ederler. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda EKOSOS-yň Ýaşlar forumynyň çäginde, şeýle hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça 2250-nji Rezolýusiýasynyň şanly on ýyllygynda geçirilýändigini bellemek gerek. 

Bu forum Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň abraýly wekiliýetlerini, şol sanda BMG-niň hünärmenler toparyny, halkara donorlaryny we hyzmatdaşlaryny bir gepleşik meýdançasynda jemläp, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze ýollaryny gözlemek we ösdürmek, şeýle hem ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, ýaş ýolbaşçylara we olaryň başlangyçlaryna goldaw bermek meselesini ileri tutmak maksadyna gönükdiriler. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde türkmen tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen geljekki özgertmeleriň umumy düşünjesini döretmek barada öz garaýşyny beýan eder. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen bu platformada, foruma gönüden-göni degişli bolan sebitdäki ýaşlar öz maksadalaýyk taslamalaryny hödürlärler.

Dialogy berkitmegiň tejribeleýin bölegi, 2250-nji Rezolýusiýanyň çäklerinde ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça çäreleri giňden açmak we jemlemek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň özara platformasyny berkitmek, hyzmatdaşlyklary we ýokary tejribeli hünärmenler bilen alyş-çalyş etmek üçin mümkinçilikleri ösdürmek, sebitiň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, Dialogyň gurluşyny we nusgasyny döretmek, bilelikde işlenilýän taslamalary ösdürmek meselelerine gönükdiriler. Duşuşygyň gatnaşyjylary bilimiň parahatçylyk we tolerantlylyk medeniýetini döretmekde tutýan orny barada, sebitdäki ýaşlaryň arasyndaky ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, durnukly ösüşiň çäginde sosial innowasiýalar we başlangyçlar barada, şeýle-de, şu ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Üçünji konferensiýasynyň çäginde guraljak ýaşlar forumy barada pikir alyşmagy göz öňüne tutýarlar.

Forumyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýada ýaşlar arasyndaky hyzmatdaşlyk torunyň giňeldilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen täze taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Dialogynyň institutlaşdyrylmagyna degişli teklipleriň taýýarlanylmagy, sebitdäki ýurtlarda duşuşyklaryň gezekleşme usulda geçirilmegi baradaky teklipleriň taýýarlanylmagy, ýaşlaryň sebit we halkara derejesindäki kararlara täsir etmekdäki ornunyň berkidilmegi, şeýle hem LLDC3 çäginde Ýaşlar forumynyň geçirilmegi we mazmuny boýunça umumy çemeleşmeleriň we teklipleriň işlenip düzülmegi garaşylýar.

Çeşme: Merkezi Aziýa ýaşlarynyň dialogy


Yza

Şeýle hem okaň