Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat
şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 29-njy aprelynda Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly
köçesiniň ugrunda ýerleşýän Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we
sport baradaky Baş
müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumynda
şeýle-hem Türkmenistanyň
Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen
bilelikde sagat 10:00-dan
12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň
geçiriljek ýeriniň salgysy: Balkanabat
şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993222 28445;
+993222 28498;
+993222 28836.