Paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka öz işine başlady

29-njy aprelde paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze önümçilik toplumlaryny döretmek, içerki bazary ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi barha artyp, ýurdumyzyň eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Şunda öndürilýän önümleriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm talaplaryň biri bolup durýar.

Ýokary tehnologiýalara esaslanýan senagat düzümleriniň, kärhanalaryň yzygiderli gurulmagy ýokary hilli önümleriň öndürilmegini, iş şertleriniň gowulandyrylmagyny we ekologik abadançylygy üpjün edýär. Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeň synçy” derejesiniň berilmegi dünýäniň häzirki zaman ykdysady ulgamynyň ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýerli önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň 140-dan gowragy hem-de halkara düzümler öz işleridir hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýar. Söwda toplumyna degişli döwlet edaralarynyň — Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Arkadag şäheriniň Söwda müdirliginiň diwarlyklarynda bu düzümler tarapyndan alnyp barylýan işler, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda söwda amallarynyň täzeçil usulda ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berilýär. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň diwarlygynda ýurdumyzda öndürilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak babatda iş ugurlary, kalibrleme tehnologiýalary bilen tanyşmak bolýar.

Sergi-ýarmarkada ISO, “Halal”, ESG, GMP, “GLOBALG.A.P” ýaly halkara sertifikatlaşdyryş düzümleriniň iş aýratynlyklary hakynda-da gürrüň berilýär. Olar diňe bir öndürilýän önümleriň hiline, howpsuzlygyna we ekologik taýdan arassalygyna däl, eýsem, harytlary öndürýän kärhananyň önümçilik tehnologiýalarynyň, işgärler düzümleriniň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, daşky gurşawa howpsuz çemeleşilýändigine we beýleki aýratynlyklara görä kepil geçýärler. Kärhanalarda halkara standartlaryň berjaý edilmegi olaryň harytlarynyň dünýäniň talapkär sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanmagyna, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Sergi-ýarmarkanyň we maslahatyň köp sanly daşary ýurtly wekilleri türkmen paýtagtynda jemlemegi hem-de giň mazmunly maksatnamasy onuň ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm waka öwrüljekdigini tassyklaýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň