Türkmen halkynyň Milli Lideri GFR-iň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri: «Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär» diýmek bilen, bu gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň 100-e golaý ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilendigini belledi.

Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny bellediler. Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, şeýle hem german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen forumynyň orny aýratyn nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri himiýa senagatyny, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, dokma pudagyny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan «BASF», «MAN», «Deutsche Bahn» we «ThyssenKrupp» ýaly german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi. Gahryman Arkadag şeýle hem «Siemens», «Knauf» kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi.

Söhbetdeşlikde «ýaşyl ykdysadyýet», energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany suratda «Siemensiň» turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadag Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk kaliý mineral dökünini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde belli german «Thyssen Schachtbau GmbH» we «Schachtbau Nordhausen GmbH» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa «BASF» kompaniýasynyň tejribesini ulanmaga Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanylandygyny hem-de häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň köpüsinde german önümçiliginiň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny belledi. Şunda bu ugurda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem söhbetdeşlikde bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlaryndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge hemişe uly gyzyklanmanyň bolandygy bellenildi we ýurduň Gýote instituty, Akademiki alyşmalar boýunça nemes akademiki gullugynyň (DAAD), Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary (PASCH) hem-de Akademiki alyşmalar boýunça pedagogik gullugyň (PAD) maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy beýan edildi.

«Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2018–2019-njy ýyllarda Germaniýada «Margiananyň» bürünç asyra degişli gadymy gymmatlyklarynyň arheologik sergisi üstünlikli geçirildi» diýip Gahryman Arkadag aýtdy we şeýle serginiň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylda Aşgabatda Iogann Wolfgang fon Gýotäniň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, munuň Germaniýa we onuň medeniýetine goýulýan hormatyň, Türkmenistanyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň