2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň barşynda halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler we täze Halkara howa menziline degişli güwänamalary gowşurdylar.
Ilki bilen, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallon sanly ulgam arkaly çykyş etdi we Balkanabat Halkara howa menziline Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy we dünýäde ählumumy ykrar edilendigi baradaky güwänamanyň berilýändigini aýtdy.
Soňra Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) direktorynyň infrastruktura boýunça orunbasary Dmitriý Kosolapow çykyş etdi hem-de Halkara howa menziline IATA talaplaryna laýyklygy baradaky güwänama berildi.
Mýunhen Halkara howa menziliniň wekili bolsa Balkanabat Halkara howa menziliniň halkara standartlara laýyklykda gurlandygy baradaky güwänamany gowşurdy.
Şeýle-de täze howa menziline «Al-Hatmi Consulting» maslahat beriji kompaniýasynyň wekili tarapyndan howa menziliniň gurluşygynyň dünýäde bildirilýän talaplara laýyklygy baradaky güwänama gowşuryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi