2-nji maýda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň howa gämileriniň ilkinji gonuşlaryny synlady.
TSTB-niň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat. Onuň tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deň.
Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.
Howa menziliniň çäginde barlag geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň we uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar.
Şeýle hem howa menzilinde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi we 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi bar. Dolandyryş diňiniň beýikligi 44,05 metre, umumy meýdany 410,92 inedördül metre deň bolup, onuň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.
Howa menzili toplumynyň düzüminde menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag duralgalary-da bar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi