Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Gökdepe etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi tarapyndan 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Gökdepe etrabynyň
Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýynda ýerleşýän Gökdepe
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat
10:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi
hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny
haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Gökdepe etrabynyň Gökdepe
şäheriniň Magtymguly şaýolunyň
75-nji jaýynda ýerleşýän Gökdepe etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasy
Habarlaşmak üçin:
+993132 6-00-34;
+993132 6-00-48.