Daşoguz şäheriniň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Daşoguz
şäheriniň Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesiniň 1 “A” jaýynda ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň
Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň
10 ýyllygy köçesiniň 1 “A” jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800322) 9-39-52.
Okamak