25-nji maýda Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. «Soňky jaň» dabarasy orta mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň durmuşynda iň ýakymly we tolgundyryjy pursatlaryň biridir. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmagy, özbaşdak durmuşa gadam basmagy alamatlandyrýan bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň şowhunyny hem-de many-mazmunyny has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunda ýaş nesliň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä, ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwletimiz tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bilim ulgamyna innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.
Häzirki döwrüň ýaşlary Garaşsyz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly bolup, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterjek nesillerdir, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegine, rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşjak geljekki hünärmenlerdir. Hut şonuň üçin hem olaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna, täzeçil tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Uçurymlara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda hem bilimlerini artdyrmaklary, hünär eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijesidir. Şunlukda, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ussat hünärmenleriň sanynyň artmagy bolsa ýurduň kuwwatynyň artmagydyr.
...Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýewiň Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.
Soňra ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Dabaralaryň başynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagy ýaşlaryň watansöýüjiliginiň, halkymyza wepalylygynyň we ruhubelentliginiň nyşanyna öwrüldi. Soňra hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.
“Ylym we bilim geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de ähli ösüşlerimiziň binýadyny düzýär. Biz bu gymmatly baýlygymyz arkaly Garaşsyz Watanymyzyň geljegini gurýarys. Şoňa görä-de, biz geljekde hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň, maksada okgunly nesilleri terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederis. Ýaş nesillerimiziň bilimlerini yzygiderli artdyrmak üçin okuw dersleriniň mazmunyny milli tejribelerimize, ylymlaryň we bilimleriň täze gazananlaryna laýyklykda has-da baýlaşdyrarys, döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlarys” diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Gutlagda nygtalyşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň beýik geljegini gurýan nesillerdir. Il-günümiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen belent maksatlarymyza ýetmekde ýaşlara aýratyn bil baglanýar. Şoňa görä-de, uçurymlar durmuş ýolundaky indiki täze ädimlere has aýgytly we ruhubelentlik bilen gadam basmalydyrlar, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda okamak, döretmek bilen hemişe öňe gitmelidirler.
Dabara gatnaşan uçurymlaryň ene-atalary, bilim işgärleri orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabaralarda okuwçylaryň ýerine ýetiren täsirli çykyşlaryna orun berildi. Soňra uçurymlar soňky jaňy kakdylar we täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurdylar. Dabaralaryň dowamynda asuda asmanymyzda parahatçylygyň buşlukçysy bolan ak kepderileriň peýda bolmagy bu nurana baýramyň iň şatlykly pursatlarynyň birine öwrüldi.
Dabaralara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge, okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şu gün «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda ak mermerli paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza, mekdep ýyllaryna bagyşlanan aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi