Boldumsaz etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Boldumsaz
etrabynyň P.Ýegendurdyýew köçesiniň 18-nji jaýynda ýerleşýän Boldumsaz
etrabynyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Boldumsaz etrabynyň P.Ýegendurdyýew
köçesiniň 18-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800346) 4-01-00.