Görogly etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Görogly
etrabynyň A.Ataýew köçesiniň 71/B-nji jaýynda ýerleşýän Görogly etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Görogly etrabynyň A.Ataýew
köçesiniň 71/B-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800340) 3-15-48.