Şabat etrabynyň zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň
2-nji iýunynda Şabat etrabynyň Daşoguz köçesiniň 8-nji jaýynda ýerleşýän Şabat
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda
09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Akdepe etrabynyň Daşoguz
köçesiniň 8-nji jaýy.
Habarlaşmak:
(800348) 3-00-98.