Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginiň çäginde kuwwaty 220/110/35/10 kW bolan täze elektrik bekedi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu möhüm waka paýtagtymyzyň güni we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýratyn toý sowgadyna öwrüldi.
Dabarada welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, edara-kärhanalaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary hem-de ýaşulular gatnaşdylar.
Çykyş edenler täze desganyň gurulmagynyň hormatly Prezidentimiziň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli syýasatynyň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.
Elektrik bekedi häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, dolandyryş ulgamy doly awtomatlaşdyryldy. Umumy 9 gektar meýdany eýeleýän desgada 125 MVA kuwwatly transformatorlaryň ikisi, şeýle hem 40 we 25 megawoltamper bolan güýç transformatorlary, 220/110/35 kW açyk we 10 kW ýapyk paýlaýjy gurnamalar ýerleşýär.
Bekediň ulanylmaga berilmegi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň adyndan onuň işini üpjün etmek üçin niýetlenen döwrebap awtoulaglar hem gowşuryldy.
Täze desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň energetika pudagynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de bu ugurdaky Milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.
Çeşme: Türkmenmetbugat