Türkmenistanda zenanlaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine gatnaşmagyna bagyşlanan sebitleýin seminar geçirilýär

Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1325-nji Kararnamasyna hem-de “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibine bagyşlanan iki günlük sebitleýin seminar öz işine başlady.

Seminara Türkmenistanyň ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem 1325-nji Kararnama we howpsuzlyk ulgamyna gender nukdaýnazarynyň ornaşdyrylmagy boýunça halkara hünärmenler gatnaşýarlar. Forumyň baş maksady – “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibini öňe sürmekde milli tejribeleri hem-de öňdebaryjy iş ýörelgelerini alyşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyşynda ýurduň gender deňligini ösdürmegi durnukly ösüş we howpsuzlyk syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kabul edýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Gender deňligini üpjün etmek boýunça Milli Hereket meýilnamasynyň çäklerinde 1325-nji Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirýändigini aýtdy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ýolbaşçysy, ilçisi Jon MakGregor, zenanlaryň erkekler bilen deň derejede gepleşiklere doly gatnaşmazdan durnukly parahatçylygyň gazanylmajakdygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, zenanlar parahatçylyk proseslerine gatnaşanda, gazanylýan ylalaşyklar has inklýuziw we uzak möhletli bolýar.

Seminaryň dowamynda aýratyn üns 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen sebitiň bäş döwletiniň goldamagynda döredilen Merkezi Aziýanyň Zenanlar Dialogynyň tejribesine gönükdirilýär. Bu platforma döwlet edaralarynyň wekillerini, raýat jemgyýetiniň agzalaryny we zenan hünärmenleri birleşdirip, hyzmatdaşlygy we zenanlaryň dolandyryşa gatnaşmagyny ilerletmäge gönükdirilendir.

Çeşme: Türkmenmetbugat


Yza

Şeýle hem okaň