28-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda işewür duşuşyk boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki hyzmatdalygy has-da giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tadjuddin Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bilelikdäki çäreleriň iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy hem duşuşygyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, ýurdumyzda işewürleriň halkara hyzmatdaşlyga giňden açykdygyny, sergilere we ykdysady forumlara gatnaşmagyň dünýä bazaryna çykmakda möhüm ädimdigini nygtady. Şeýle-de ol Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň ulydygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, sergilerde we forumlarda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatda özara düşünişdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy