Türkmenistan zähmet ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda möhüm halkara guramalar bolan Halkara Iş berijiler Guramasy we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasy bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Halkara Iş berijiler Guramasynyň Baş sekretary Roberto Suares-Santos bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, tehniki goldawyň berilmegi we milli iş berijileriň halkara meýdançalaryna işjeň gatnaşmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Türkmen tarapy Halkara Iş berijiler Guramasy bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýdyp, bilelikdäki başlangyçlaryň ähmiýetini we işewürligiň sosial ulgamyň geçirýän özgertmelerine işjeň gatnaşygynyň ähmiýetini nygtady.
Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Lýuk Triangl bilen geçirilen duşuşykda döwlet, iş berijiler we kärdeşler arkalaşyklaryň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistandaky kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasyna agza bolmak mümkinçilikleri, şeýle hem dialogy giňeltmek boýunça ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara we sebit derejesindäki işjeňligi, şeýle hem ýurduň durmuş syýasatynyň kemala gelmegindäki orny aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow 4-nji iýunda geçirilen HZG-niň 113-nji mejlisiniň plenar maslahatynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň mynasyp zähmet, durmuş adalaty we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belläp geçdi. Ministr Halkara zähmet guramasynyň global gün tertibiniň ähmiýetini nygtap, onuň ugurlarynyň Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli ykdysady we durmuş taýdan ösüş maksatnamasy bilen sazlaşýandygyny belläp geçdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň