2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň hem-de Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Bilelikdäki Kommunike gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndsky Hemişelik wekili Meri Elizabet Flores bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki halkara guramalaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra taraplar Türkmenistanyň we Gondurasyň hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi