Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Magtymguly
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 1-nji iýulynda Magtymguly
etrabynyň Durdyhan ýanyk köçesiniň 7-nji jaýynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Magtymguly
etrabynyň Durdyhan ýanyk köçesiniň 7-nji jaýynda.
Habarlaşmak üçin:
+993222
60867;
+993222
63652;
+993248 40420;
+993248 41204.