20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri we ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalary, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, ylmy-intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek, wirtual aktiwleri ulanmak babatda hukuk gurşawyny döretmek, hereket edýän gümrük kadalaryny, gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisiň wekili ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde iş saparynda boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi